Erdogan: Serhet howpsyzlygy boýunça görülýän çäreler Demirgazyk Yrak üçin hem degişli

Prezident R.T.Erdogan Türkiýäniň günorta serhedinde terror koridorynyň açylmagyna ýol bermezlik baradaky kararyň Demirgazyk Yragada degişlidigini aýtdy

820792
Erdogan: Serhet howpsyzlygy boýunça görülýän çäreler Demirgazyk Yrak üçin hem degişli

Erdogan Eýrana guran resmi saparyndan gaýdyşyn žurnalistlere beýannama berdi.

Demirgazyk Yrak meselesinde Türkiýäniň, Eýranyň we Yragyň arasynda üçtaraplaýyn mehanizmiň döredilendigini aýdan Erdogan: “Nebitiň nurbadyny ýapmak baradaky karary” üç ýurduň bilelikde kabul etjekdigini aýtdy.

Erdogan Kürt Awtonomiýasynyň 25-nji sentýabrda geçirilen bikanun garaşsyzlyk referendumynyň haýsydyr bir kanuny esasynyn bolmandygyny nygtap: “bikanun referendumyň Federal Parlamentde tassyklanmajakdygy hem belli. Yragyň merkezi hökümeti ony resmi taýdan yglan etdi. Yragyň Ýokary kazyýeti hem referendum kararyny saklady, onuň bes edilmegi barada höklüm çykarypdy” diýdi.

Prezident Erdogan Kürt Awtonomiýasynyň Lideri Mesud Barzaniniň bu işden el çekmekden başga çäresiniň ýokdugyna ünsi çekip: “Ol bu işi çözmeli, başga çäresi ýok. Eger şeýle bolman halatynda belli çäreleri görmeli bolaryş” diýdi.

Erdogan: “Biz ozal näme diýipdik? Günortamyzda terror koridoryny açmarys. Onuň ilkinjisi Siriýanyň demirgazygy… Men Tramp bilen aç-açan gepleşdim. Biz günortamyzda eger şeýle zat bolan halatynda hökman çäre göreris. Ol häzirki wagtda Demirgazyk Yrak üçin hem şeýle” diýdi.



Degişli Habarlar