Erdogan Ruhani bilen metbugat ýygnagyny geçirdi

Türkiýäniň Prezidenti Erdogan Yragyň Kürt Awtanomiýasynda 25-nji sentýabrda geçirilen Garaşsyzlyk referendumyny diňe Ysraýylyň ykrar edendigini belläp: “MOSSAD bilen stolyň başyna oturylyp berilen karar kanuna laýyk däl, bikanundyr" diýdi

820325
Erdogan Ruhani bilen metbugat ýygnagyny geçirdi

Resmi sapar bilen Eýranyň paýtagty Tährana baran Prezident Erdogan kärdeşi Hasan Ruhani bilen geçiren ikiçäk we toparara gepleşiklerden soň metbugat ýygnagyny geçirdi.

Ruhani bilen geçiren gepleşigi barada maglumat beren Erdogan: “Elbetde sebitleýin meseleler häzirki wagtda gün tertibimizde. Yrak meselesi öňümizdäki ilkinji madda hökmünde gün tertibimize ornaşdy” diýdi.

“Yragyň Kürt Awtonomiýasy nämäniň referendumyny geçirýär? Özüni Ysraýyldan başga ykrar edýän ýurt ýoga” diýen Erdogan “MOSSAD (Ysraýylyň Razwedka gullugy” bilen stolyň başyna oturylyp berilen karar kanuna laýyk däl, bikanundyr” diýdi.

Siriýada-da Türkiýe, Eýran we Russoýa hökmünde Astana etabynyň çäginde kesgitlenen "Çaknyşyksyz zolaklara" ähmiýet berýändiklerini bellän türk lider Eýran bilen edilýän ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hem üstünde durup geçdi.

“Ykdysady gatnaşyklarymyzy bar bolan daşary ýurt walýuta basyşyndan halas bolmak üçin ýerli walýuta bilen söwda etmek etabyny durmuşa geçirmek barada karar kabul etdik” diýen Erdogan: “Merkezi banklarymyz öňümizdäki hepde bir ýere jemlenip bu babatda şertnama baglaşarlar” diýdi.

Öý eýesi Prezident Hasan Ruhani hem gepleşikleriň netijeli geçendigini belläp, esasy maksadyň sebitde parahatçylygy we asudalygy ýola goýmakdygyny, Yragyň we Siriýanyň territorial bütewliginiň tarapdarydyklaryny nygtady.

Ýurdunyň Türkiýede maýa goýmaga taýardygyny aýdan Ruhani özleriniň hem türk maýadarlaryna gerek bolan goldawy berjekdiklerini beýan etdi.

“Ýyllyk 30 milliard dolalr söwda kuwwadyna ýetmek maksat edinýäris” diýen Ruhani gümrük geçelgeleriniň 24 sagat işlejekdigini belledi.

Iki ýurdyň arasynda başda energetika bolmak bilen köp sanda şertnema gol çekildi.



Degişli Habarlar