Hulusi Akar Hasan Ruhani tarapyndan kabul edildi

Resmi sapar bilen Eýranda bolýan Baş Ştabyň başlygy generel Hulusi Akar Prezident Hasan Ruhani tarapyndan kabul edildi

818911
Hulusi Akar Hasan Ruhani tarapyndan kabul edildi

Ruhani kabul edilşikde sözlän sözünde: “Şu gün iki ýurduň syýasy, ykdysady we halkara gatnaşyklary ýokary derejede. Harby we goranyş uğurlarynda-da gatnaşyklarymyzy ösdürmek üçin işläliň” diýdi.

Türkiýe bilen Eýranyň sebitde ýerleşýän güýçli iki ýurtdygyna ünsi çeken Ruhani, sebitdäki umumy howplara we umumy bähbitlere görä hyzmatdaşlyklaryň ýaýbaňlandyrylmalydygyny nygtady.

Ruhani iki ýurduň Ýaragly güýçleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi baradaky islege ünsi çekip: “Eýranyň we Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň hyzmatdaşlygy ösdürmekleri we dürli ugurlarda tejribe alyşmaklary sebitleýin howplaryň ortadan aýrylmagy taýdan peýdaly bolar” diýdi.

Şol çäkde terörizme garşy göreşiň we serhet howpsyzlygynyň üpjün edilmeginiň esasy maksatlardan bäbirleridigini beýan eden Hasan Ruhani: “Sebitdäki durnukly iki ýurt; Eýranyň we Türkiýäniň elmydama birek-biregi goldamaklary sebitleýin meseleleriň çözülmegine goşant goşar” diýdi.

Eýranyň Prezidenti geografik serhetleriň bozulmagynyň sebitiň howpsyzlygyna we durnuklylygyna zyýan ýetirjekdigini nygtady.

Baş ştabyň başlygy general Hulusy Akar hem çykyşynda harby ugurda hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň sebitiň durnuklylygyna uly goşant goşjakdygyny nygtady.

Akar: “Sebitiň esasy iki ýurdy; Türkiýe we Eýran hyzmatdaşlygy güýçlendirip, sebitiň durnuklylygy we parahatçylygy taýdan möhüm pozisiýa eýelärler” diýdi.

General Hulusi Akar Eýrana guraýan saparynyň çäginde eýranly kardeşi general maýor Muhammed Bakyri we Eýranyň Ýokary Milli howpsyzlyk genşiniň baş sekretary Ali Şamhani bilen duşuşypdy.



Degişli Habarlar