Ýyldyrym: “Ähli ýurtlaryň ykbaly biri-birine bagly”

Premýer ministr Binali Ýyldyrym ähli ýurtlaryň ykbalynyň biri-birine baglydygyny aýtdy

818502
Ýyldyrym: “Ähli ýurtlaryň ykbaly biri-birine bagly”

Ýyldyrym Stambulda geçirilýän “Halkara İş Toparynyň” 10-njy Ýewropa sebitleýin maslahatynda sözlän sözünde Siriýada dowam edýän içerki uruş barada durup geçdi.

İçerki uruş sebäpli millionlarça siriýalynyň ýurtlaryny terk etmeli bolandygyny ýatladan Ýyldyrym, 3,5 milliona golaý siriýalynyň 6 ýyldan bäri Türkiýede ýaşaýandygyny nygtady.

Premýer ministr Ýyldyrym: “Biz janyny halas etmek isleýän, şol sebäpli ýollara düşen adamlara eýe çykdyk, çöregimizi bölüşdik, öýümizi açdyk, olar bilen ýakyndan gyzyklandyk. Ol, biziň medeniýetimizde bar zat. Emma Türkiýe bulary edýärkä dünýäden diňe “Türkiýe gowy işler edýär, bosgunlara, agyr güne düşünlere kömek edýar” diýmekden has artykmaç zatlara garaşýardyk. Gynansagam ÝB-ne agza ýurtlaryň başda durmagynda bütin dünýä diňe tomaşaçy boldy we Türkiýäni öwmek bilen çäklendi” diýdi.

Türkiýäniň adamzat üçin edilen bu işleri dowam etdirjekdigini nygtan Ýyldyrym, soňky halkara habarnamalaryna görä dünýä boýunça ynsanperwer kömeginiň berilmegi taýdan milli girdejiden bölünip berilýän paý taýdan Türkiýäniň ABŞ-dan soň ikinji ýerde durýandygyny aýtdy.

Globallaşýan dünýäde indi döwletleriň: “Meselelerimizi öz başymyza çözeris, başgalarynyň kömegine mätäçligimiz ýok” diýip bilmejekdigini nygtan Premýer ministr: “ähli döwletleriň ykbaly ol ýa-da beýleki görnüşde biri-birine bagly. Ýalňyş çemeleşmeler bilen, haýsydyr bir ýurdy gyraklatmak bilen sebitleýin we global parahatçylyga goşant goşulmaz” diýdi.



Degişli Habarlar