Yragyň demirgazygyna howa hüjümi guraldy

Wezipelerini üstünlikli tamamlan harby uçarlar harby bazalaryna dolanyp geldi

814110
Yragyň demirgazygyna howa hüjümi guraldy

Türk ýaragly güýçleri tarapyndan Yragyň demirgazygyndaky Zap we Awaşin-Basýan etrapçalaryna guralan howa hüjüminde, hüjüm guramak üçin taýarlyk görýändigi anyklanylan terror guramasy PKK-ly terrorçylar tarapyndan ulanylan ýarag ammary bilen gaçybatalgalar hatardan çykaryldy.

Baş ştabdan berlen beýanata görä, Türk ýaragly güýçleri Yragyň demirgazygynda aýralykçy terror guramasyna degişli düşelgeleri nyşana almaga dowam edýär.

Howa güýçleri serkerdeligine degişli harby uçarlar tarapyndan Zap we Awaşin-Basýan etrapçalarynda ýerleşýän PKK-nyň düşelgelerine garşy howa hüjümi guraldy.

Harby uçarlar hüjüm guramak üçin taýarlyk görýändigi anyklanylan terrorçylar tarapyndan ulanylýan gaçybatalgalar bilen ýarag ammarlary hatardan çykaryldy.

Wezipelerini üstünlikli tamamlan harby uçarlar harby bazalaryna dolanyp geldi.

 



Degişli Habarlar