Zap we Awaşin-Basýan etrapçalarynda PKK-a degişli düşelgeler hatardan çykaryldy

Baş ştab operasiýalar bilen baglanşykly beýanat berdi

813386
Zap we Awaşin-Basýan etrapçalarynda PKK-a degişli düşelgeler hatardan çykaryldy

Türk ýaragly güýçleri tarapyndan Yragyň demirgazygyndaky Zap we Awaşin-Basýan etrapçalarynda aýralykçy terror guramasy PKK-a degişli düşelgeler hatardan çykaryldy.

Baş ştabdan berlen beýanata görä, düýn Zap we Awaşin-Basýan etrapçalarynda aýralykçy terror guramasy PKK-a degişli düşelgelere howa hüjümi guraldy.

Howa güýçleri serkerdeligine degişli harby uçarlar, hüjüm guramak üçin taýarlyk görýändigi anyklanylan terrorçylar tarapyndan ulanylýan ýarag ammarlary we gaçybatalgalary hatardan çykardy.

 



Degişli Habarlar