Erdogan: “YKA-nyň geçirýän bikanun garaşsyzlyk referendumyndan opportunizmiň ysy gelýär”

Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdogan Yragyň Kürt Awtonomiýasynyň geçirýän bikanun garaşsyzlyk referendumyndan opportunizmiň ysynyň gelýändigini nygtady

813637
Erdogan: “YKA-nyň geçirýän bikanun garaşsyzlyk referendumyndan opportunizmiň ysy gelýär”

Stambulda Halkara Ombudsmanlyk maslahatynda çykyş eden Erdogan: “Yragyň Kürt Awtonomiýasynyň referendum karary Yragyň umumy ýagdaýy göz öňünde tutulanda opportunizmiň ysy gelýän bir hereketdir. Bu referendum kabul edilmez. Iň kyn wagtlarynda ýanlarynda boldyk. Sebit diňe bir tire-taýpalaryň ýaşaýan ýeri däldir. Referendum netijesine garamazdan ýok hökmündedir, bikanundyr” diýip belledi.

Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň Silopide geçirýän harby türgenleşigini göz öňünde tutan Erdogan: “Bu gerek bolan göçümler ýöne ýere edilmedi. Häzirki wagtda Eýran hem şol bir ýagdaýda. Gümrük geçelgelerinden häzirki wagtda diňe Yrak tarapyna geçip bolýar. Üstümizdäki hepdäniň dowamynda mundan soň ediljek göçümleri hem mälim ederis. Gümrük geçelgeler ýapylar. Mundan soň Yragyň Kürt Awtonomiýasynyň nebitini nirä akdyrjakdygyny we satyp biljekdigini göreliň. Gözbaşy bizde. Ýapan badymyza ol iş hem biter” diýip nygtady.

Erdogan Yragyň Kürt awtonomiýasynyň lideri Mesut Barzaniniň sebiti öz gözegçiligi astyna almaga synanyşmagynyň ençeme ýyl dowam etjek täze çaknyşyklaryň, täze gam-gussalaryň, täze zulumlaryň, täze gyrgynçylyklaryň buşlukçysy bolmakdan başga bir manysynyň ýokdygyny aýdyp: “Siriýada terror döwletiniň gurulmagyna rugsat bermeris. Demirgazyk Siriýada PÝD döwlet gurjakmyş. Bularyň ählisi olar üçin bir hyýal. Gijeleriň birinde duýdansyz gelip bileris diýipdimä. Ony Türkiýäniň Ýaragly güýçleri Ýewfrat galkany operasiýasyna edipdi. Ähli edilip bilinjek göçümler gün tertibimizde, stolumyzyň üstünde. Gerek bolsa Yrakda hem şolar ýaly ädimler etmekden çekinmeris” diýip duýduryş berdi.



Degişli Habarlar