Erdogan Nýu-Ýorkda Tramp bilen duşuşdy

Tramp duşuşykdan ozal metbugata beren gysgaça beýannamasynda: “Türkiýäniň Prezidenti Hormatly Erdogan bilen duşuşmak meniň üçin buýsançdyr” diýdi

811730
Erdogan Nýu-Ýorkda Tramp bilen duşuşdy

Erdogan bolsa amerikaly kärdeşi bilen özara gatnaşyklar we dünýäniň gün tertibindäki köp sanly mesele barada pikir alyşjakdyklaryny aýtdy.

Liderler soň toparara duşuşyklara ýolbaşçylyk etdiler.

Duşuşygyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda Yragyň Kürt Awtonomiýasynyň 25-nji sentýabrda geçirmegi meýilleşdirýän garaşsyzlyk referendymy, ekstremist terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky bölümi PÝD/ÝPG-ä resmi Waşingtonyň berýän ýarag kömegi, 2016-njy ýylyň 15-nji iýulyndaky agdarlyşyk synanşygynyň jenaýatçysy Fetullahçy terror guramasy-Parallal döwlet ulgamynyň ABŞ-da ýaşaýan ýolbaşçysynyň Türkiýä gaýtarylyp berilmegi, Russiýadan S-400 raketa goranyş ulgamynyň satyn alynmagy ýaly meseleler bar.

Prezident Erdogan Tramp bilen geçiren duşuşygyndan soň “Roýter” habarlar gullugynyň işgäriniň soraglaryna jogap berdi.

Erdogan Türkiýäniň Yragyň Kürt Awtonomiýasynyň 25-nji sentýabrda geçirmegi meýilleşdirýän garaşsyzlyk referendymyna görkezýän reaksiýalary baradaky soraga berýän jogabynda, Mejlisiniň şenbe güni nobatdan daşary maslahat geçirip, daşary ýurda goşun ugratmak barada ygtyýarnama çykarjakdygyny aýtdy.

Prezident Erdogan başga bir soraga beren jogabynda bolsa, ABŞ ýaly demokratik ýurduň terrorçylaryň ýaşamagyna rugsat bermeginiň gynandyryjydygyny aýtdy.

Erdogan nyň Siriýadaky bölümi PÝD/ÝPG-ä resmi Waşingtonyň berýän ýarag kömegi, 2016-njy ýylyň 15-nji iýulyndaky agdarlyşyk synanşygynyň jenaýatçysy Fetullahçy terror guramasy-Parallal döwlet ulgamynyň ABŞ-da ýaşaýan ýolbaşçysynyň Türkiýä gaýtarylyp berilmelidigini nygtady.

ABŞ-nyň Siriýa syýasatynda-da ýalňyşlyklaryň bardygyna ünsi çeken Erdogan, şu günki günde terror guramasy DAİŞ-e garşy alynyp barylýan göreşde başga bir terror guramasy bolan PKK-nyň bölümi PÝD bilen hyzmatdaşlyk etmegiň ýalňyşdygyny aýtdy.

 



Degişli Habarlar