Prezident Erdogan 28-nji sentýabrda Putin bilen duşuşar

Prezident R.T.Erdogan sapar bilen Türkiýä geljek Rýssiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen 28-nji sentýabrda resmi agşam naharynda duşuşar

811103
Prezident Erdogan 28-nji sentýabrda Putin bilen duşuşar

Nýu-Ýorkda soraglara jogap beren Erdogan Russiýanyň Prezidenti Putin bilen duşenbe güni telefon arkaly söhbetdeşlik geçirjekdiklerini nygtap: “Penşenbe güni bilelikde resmi agşam naharyny iýeris. Siriýada bolup geçýänler barada pikir alyşarys” diýdi.

Erdogan we Putin Siriýada başdan geçirilen soňky wakalar bilen birlikde Türkiýäniň Russiýadan satyn almagy meýilleşdirýän S-400 howa goranyş ulgamlary barada-da pikir alyşarlar.

Prezident Erdogan Putin bilen G20-niň Germaniýada geçirilen maslahatynyň çäginde 8-nji iýulda duşuşypdy.  

1 sagada golaý dowam eden duşuşykda liderler Siriýa, Yrak we sebitleýin meseleler barada pikir alyşypdy.



Degişli Habarlar