Karsda daşary ýurtly 154 adam tussag edildi

Kars welaýatynyň Sarykamyş etrabynda ýurda bikanun ýollardan giren daşary ýurtly 154 adam tussag edildi

810733
Karsda daşary ýurtly 154 adam tussag edildi

Sarykamyş etrabynyň Žandarma gullugy Kars-Erzurum ýolunyň Karakurt diýilen ýerinde şübhe astynda bolan bir awtobusy saklady.

Awtobusyň içinde we bagaž bölüminde geçirilen gözleg işlerinde Owganystanyň 109 raýatynyň, Pakistanyň 45 raýatynyň bardygy anyklandy.

Daşary ýurtlylar sorag jogap işlerinden soň öz ýurtlaryna iberiler.



Degişli Habarlar