Erdogan Stambulyň BMG-nyň merkezi bolmagyny teklip berdi

Türkiýäniň Prezidenti Erdogan sebitiň merkezi bolmagy ugrunda barha öňe gidişlik edýän Stambulyň şol bir wagtda BMG-nyň merkezi bolmagyny teklip berdi

809572
Erdogan Stambulyň BMG-nyň merkezi bolmagyny teklip berdi

BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherine baran Erdogan BMG-nyň binasynyň garşysynda guruljak Türkewi binasynyň düýbini tutdy.

Meýdanyny we binanyň özüniň gurluşygyny ulaldyp Türkiýäniň öňünde goýan maksatlaryna gelişjek Türkewi binasyny gurmak kararyny şu gün durmuşa geçirmäge başlandyklaryny aýdan Erdogan şeýlelik bilen edil garşysynda ýerleşýän BMG-na esasy missiýasyny ýatladyp hyzmat berjekdigini umyt edýändigini belledi.

Prezident Erdogan çykyşyny şeýle dowam etdirdi: “BMG-nyň üýtgän şertlere görä özüni sazlamak üçin özgerdilmegi gerek. Mysal üçin şu ýyl geçirilýän maslahatda hem özgertmek bar, emma bu özgertme biziň düşünişimiz ýaly bir manyda özgertme däl. Esasy BMG-nyň gurluşyndaky özgertmedir” diýdi.

R.T. Erdogan: “Sebitiň merkezi bolmagy ugrunda barha öňe gidişlik edýän Stambulyň şol bir wagtda BMG-nyň merkezi bolmagyny teklip berdik, teklip bereris” diýdi.


Etiketkalar: #BMG , #Erdogan , #bina , #gurluşyk

Degişli Habarlar