Binali Ýyldyrym YKA bilen bagly beýanat berdi

Premýer ministr Binali Ýyldyrym ýurdyň öz içinde we daşary ýurtda Türkiýäniň howpsyzlygyna howp saljak islendik herekede garşy gerek bolan jogaby şol bada berjekdiklerini belledi

809403
Binali Ýyldyrym YKA bilen bagly beýanat berdi

Premýer ministr Ýyldyrym Şanlyurfada jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri we jemgyýetçilik pikirleriň liderleri bilen duşuşdy.

Ol ýerde eden çykyşynda Yragyň Kürt Awtonomiýasynda 25-nji sentýabrda geçirilmegi meýilleşdirilýän Garaşsyzlyk referendumyna nägilelik bildiren Binali Ýyldyrym: “Hem Siriýada, hem-de Yrakda birnäçe arzuw-hyýalyň yzynda bolanlar, ol ýerlerde döwlet gurmaga synanyşýanlar milli howpsyzlygmyza howp abandyrjak  islendik herekede şol bada garşylyk görkeziljekdigini bilsinler. Muny her kim bilmeli. Hiç kim günorta serhetlerimizde ýagny Yrakda we Siriýada başdan geçirilýän krizisden peýdalanmaga synanyşmasyn. Türkiýe bu mesele babatynda tutanýerlidir, gerek bolan duýduryşlary berdi” diýdi.



Degişli Habarlar