Şyrnak we Agry welaýatlarynda 7 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Harby merkezlere hüjüm guramak üçin taýarlyk görýän terrorçylaryň bardygy anyklanyldy

802903
Şyrnak we Agry welaýatlarynda 7 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

 

Türk ýaragly güýçleri tarapyndan Şyrnak we Agry welaýatlarynda guralan howa hüjümlerinde harby merkezlere hüjüm guramak üçin taýarlyk görýän 7 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Baş ştabyň internet saýtynda berlen beýanata görä, Şyrnak welaýatynyň Silopi we Agry welaýatynyň Diýadin etrabynda harby merkezlere hüjüm guramak üçin taýarlyk görýän terrorçylaryň bardygy anyklanyldy.

Terrorçy topara garşy guralan howa hüjüminde Silopide 2, Diýadinde hem 5 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Beýleki tarapdan aýralykçy terror guramasynyň hataryndan gaçan 1 terrorçy hem Mardin welaýatynyň Nusaýbin etrabynda howpsyzlyk güýçlerine boýun egdi.

 



Degişli Habarlar