Şyrnakda PKK-a garşy guralan operasiýada 2-si zenan 5 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Terrorçylar bilen birlikde köp sanly ýarag ele geçirildi

802006
Şyrnakda PKK-a garşy guralan operasiýada 2-si zenan 5 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Şyrnak welaýatynyň Uludere etrabynda aýralykçy terror guramasy PKK-a garşy guralan operasiýada hüjüm guramak üçin taýarlyk görýän 2-si zenan 5 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Behranjy çaýy zolagyndaky harby topara hüjüm guramak üçin taýarlyk görýän 5 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilmegi üçün düýn howa güýçleriniň goldaw bermeginde operasiýa guraldy.

Operasiýadan soň 2-si zenan 5 terrorçynyň jesedi tapyldy.

Terrorçylar bilen birlikde köp sanly ýarag ele geçirildi.

Sebitdäki operasiýalar dowam edýär.

 



Degişli Habarlar