Türkiýäniň Prezidenti Gurban baýramy mynasybetli gutlag ýüzlenmesini çap etdi

Prezident R.T. Erdogan terror guramalarynada, olary gurjak edip ulanýan garaňky güýçlerede türk milletiniň asla boýun egmejekdigini mälim etdi

799429
Türkiýäniň Prezidenti Gurban baýramy mynasybetli gutlag ýüzlenmesini çap etdi

Erdogan çap eden gutlag ýüzlenmesinde raýatlaryň Gurban baýramy bilen gutlap, baýramyň maşgalalara, yslam dünýäsine we bütin adamzada haýyr getirmegini, kynçylyklaryň hötdesinden gelmäge kömek bermegini dileg etdi.

Prezident Erdogan ýüzlenmesinde: “Terror guramalarynada, olary gurjak edip ulanýan garaňky güýçlerede türk milletiniň asla boýun egmejekdigini bilýäris. Biz demokratiýamyz bilen, ykdysadyýetimiz bilen, daşary syýasatymyz bilen, ýyrdumyzy ösen medeniýetleriň derejesiniň üstüne çykarýança çenli ýolumyzy erjellik bilen dowam etdireris” diýdi.

Gurban baýramynyň şu ýyl 26-njy awgust we 30-njy awgust ýaly taryhyň iki möhüm günlerinden edil soň bellenip geçilýändigine ünsleri çeken Erdogan gutlag ýüzlenmesini şeýle dowam etdirdi: “1071-nji ýylyň 26-njy awgustynda Malazgirt ýeňişi bilen Anadolyny bize hemişelik ýurt edip goýup giden Soltan Alparsalany we esgerlerini hormat bilen hatyralaýarys. 1922-nji ýylyň 30-njy awgustynda Dumlupynarda gazanan ýeňişimiz Milli Azat edijilik söweşimiziň üstünlikli netijelenjekdiginiň habarçysy boldy. 2016-njy ýylyň 15-nji iýulyny bolsa milletimiziň ýeňişleriniň dowamy hökmünde garaýarys” diýdi.

2023-nji ýyldaky maksatlaryň üstünde hem durup geçen Türkiýäniň Prezidenti: “2023-nji ýylda ýurdumyzy dünýäniň iň ösen 10 ykdysadyýetiniň birine getireris, milletimizi söz berişimiz ýaly durnuklylyga we asudalyga gowuşdyrarys” diýdi.

“Bir bolalyň, iri bolalyň, diri bolalyň, dogan bolalyň. Hemmämiz bilelikde Türkiýe bolalyň” diýdi.



Degişli Habarlar