Çanakkalede 192 bosgun tussag edildi

Midilli adasyna gitmäge çalşan 192 bosgun tussag edildi

798792
Çanakkalede 192 bosgun tussag edildi

Çanakkaleniň Aýwajyk etrabynda guralan operasiýalarda Midilli adasyna gitmäge çalşan 192 bosgun tussag edildi.

Çişirlen gaýyk bilen Gresiýanyň Midilli adasyna gitmäge çalşan Siriýaly we Kongoly 22-si çaga 53 bosgun tussag edildi.

Siwrije burnunyň günortasynda guralan operasiýada bolsa biri Siriýaly beýlekileri Owganystanly 27 bosgun tussag edildi.

Howpsyzlyk güýçleri Aýwajygyň Koruoba obasynda zeýtun agaçlarynyň arasynda Egeý deňzini geçmek üçin taýarlyk görýän tapawutly ýurtlardan 112-i bosguny tussag etdi.

 

 

 



Degişli Habarlar