Yragyň Kürt Awtanomiýasynyň referendumyndan ýüz öwürmegine garaşýarys

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Yragyň Kürt Awtanomiýasynyň geljek aý geçirilmegi meýilleşdirilýän garaşsyzlyk referendumyndan ýüz öwürmegine garaşýandyklaryny aýtdy

795190
Yragyň Kürt Awtanomiýasynyň referendumyndan ýüz öwürmegine garaşýarys

Resmi sapar bilen Yragyň paýtagty Bagdada giden Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Yragyň Daşary işler ministri Ibrahim Jaferi bilen bolan duşuşygyndan soň metbugata beýanat berdi.

Çawuşogly Türkiýäniň Erbil bilen resmi Bagdadyň arasyndaky ähli kynçylyklaryň Yragyň territorial bitewiliginiň çäginde çözülmegini isleýändigini nygtady.

Çawuşogly “Erbiliň referendum kararynyň ýalňyş karardygyny özlerine hem gürrüň berdik. Erbilden referendum kararynyň bes edilmegine garaşýarys” diýdi.

Mewlüt Çawuşogly bu meselede resmi Bagdat bilen Erbiliň arasynda töwellaçy bolmaga taýardyklaryny nygtady.

Yragyň Başika etrabyndaky türk harby bazasynyň DAIŞ-ie garşy göreş maksady bilen açylandygyny belledi.

Çawuşogly “Başikada Yragyň öz perzentlerine, terror guramasy DAIŞ-e garşy tälim berildi we  indi olar Yragyň hökümetiniň beren wezipelerini ýerine ýetirýärler. Başika düşelgesiniň geljegine birlikde karar bereris. Ýörite wekillerimiz mesele bilen ýakyndan gyzyklanýar” diýdi.



Degişli Habarlar