Çawuşogly Yragyň Mejlisiniň başlygy Selim Al Juburi bilen duşuşdy

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Yraga guraýan resmi saparynyň çäginde Mejlisiň başlygy Selim Al Juburi bilen duşuşdy

795479
Çawuşogly Yragyň Mejlisiniň başlygy Selim Al Juburi bilen duşuşdy

Paýtagt Bagdatdaky Ýaşyl zolakda bolan duşuşyk metbugata ýapyk häsiýetde geçirildi.

Duşuşyga Yragyň Bilim ministri Muhammed İkbal hem gatnaşdy.

Çawuşogly saparynyň çäginde Yrakly türkmen syýasatçlar bilen hem duşuşdy.

Daşary işler ministri Çawuşogly duşuşykdan soň beren beýanatynda “Türkmenler Yragyň jebisligini we bitewiligini goldaýar we türkmenleriň hak-hukuklary goralyp saklanmaly”diýdi.

Çawuşogly Bagdatdaky resmi gepleşiklerinden soň Erbile barar we Yragyň Kürt Awtanomiýasynyň başlygy Mesud Barzani bilen duşuşar.

 



Degişli Habarlar