Türkiýe bilen Eýranyň arasyndaky harby hyzmatdaşlyk pugtalanýar

Eýranyň Baş ştabynyň başlygy general maýor Muhammed Bakyry Türkiýe sapary hakynda Eýranyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerine beýanat berdi

791718
Türkiýe bilen Eýranyň arasyndaky harby hyzmatdaşlyk pugtalanýar

Bakyry iki ýurduň terrora garşy göreşde maglumat çalşygy we operasiýa taýdan hyzmatdaşlyk etjekdigini aýtdy.

Bakyry Yslam ynkylabyndan soň baş ştabyň başlygy hökmünde Eýrandan Türkiýä ilkinji saparyň guralandygyny we saparyň Eýranyň lideri Aýetullah Hamaneýiň rugsady bilen guralandygyny ýatlatdy.

Harby taýdan we serhediň howpsyzlygy meselesinde iki ýurduň arasynda netijeli gepleşikleriň geçirlendigini aýdan Bakyry “Bilelikde harby türgenleşigiň geçirilmegi we talyp çalşygy meselesinde ylalaşyk gazandyk. Harby taýdan iki taraply saparlar guralar, harby türgenleşiklere synçylar ugradylar” diýdi.

Saparynyň diýseň netijeli geçendigini aýdan Eýranyň Baş ştabynyň başlygy kärdeşi goşun generaly Hulusi Akary hyzmatdaşlygyň dowam etmegi üçin Türkiýä çagyrandygyny belledi.

Bakyry Prezident Erdoganyň hem ýakynda Eýrana sapar gurajakdygyny sözleriniň üstüne goşdy.



Degişli Habarlar