Prezident Erdogan Ispaniýadaky terrorçylykly hüjüme gynanç bildirdi

Türkiýe Ispaniýadaky terrorçylykly hüjüme gynanç bildirdi

792241
Prezident Erdogan Ispaniýadaky terrorçylykly hüjüme gynanç bildirdi

Daşary işler ministrligi “Terror özüniň elhenç ýüzüni hyzmatdaşymyz Ispaniýada görkezdi” sözleri bilen başlaýan beýanatynda hüjümde ýogalanlaryň hossarlaryna gynanç bildirdi, ýaralananlara gyssagly şypa diledi.

Prezident R. T. Erdogan hem Ispan Şasy Filipp VI ugradan duýgudaşlyk ýüzlenmesinde wakada köp sanly adamyň ýogalmagyna we ýaralanmagyna uly gynanç bildirýändigini aýtdy.

Premýer ministr Binaly Ýyldyrym hem ýüzlenmesinde “Dost ýurt ispan halkyna, wakada ýogalanlaryň hossarlaryna uly gynanç bildirýäris, ýaralananlara şypa dileýäris” diýdi.

2004-nji ýylda Ispaniýanyň paýtagty Madritde otlyny nyşana alan terrorçylykly hüjümde 131 adam ýogalypdy.

Waka şol döwürde ýurduň Bask sebitiniň halky bilen Fransiýada ýaşaýan asly Basklylaryň garaşsyzlygy üçin göreşýän ETA-nyň guran gan döküşikli hüjümi hökmünde bellige alnypdy.

Gurama 43 ýyl dowam eden hüjümlerinden soň 2011-nji ýylda ýaragyny taşlapdy.

 



Degişli Habarlar