Eýranyň Baş ştabynyň başlygy Hulusi Akar tarapyndan resmi dabara bilen garşylandy

Eýranyň Baş ştabynyň başlygy general maýor Muhammed Bakyri Baş ştabyň başlygy goşun generaly Hulusi Akaryň myhamany hökmünde Türkiýä geldi

790449
Eýranyň Baş ştabynyň başlygy Hulusi Akar tarapyndan resmi dabara bilen garşylandy

Myhman goşun generaly Bakyri Ankarada Baş ştabyň başlygy goşun generaly Hulusi Akar tarapyndan resmi dabara bilen garşylandy.

Iki kärdeş garşylama dabarasyndan soň özara duşuşuşyk geçirdi.

Duşuşykda  terrora garşy göreş, sebitara wakalar we goranyş senagaty taýdan iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bakyriniň ýolbaşçylygyndaky resmi wekiliýet 3 gün dowam etjek saparynyň çäginde ýokary derejeli harby we syýasy ýolbaşçylar bilen duşuşar.

Bakiriniň Milli Goranmak ministri Nurettin Janiki bilen duşuşmagyna hem garaşylýar.

 



Degişli Habarlar