Yragyň demirgazygyndaky Zap we Metina etrapçalaryna howa hüjümi guraldy

Howa hüjüminde 3 terrorçy hem täsirsiz ýagdaýa getirildi

780373
Yragyň demirgazygyndaky Zap we Metina etrapçalaryna howa hüjümi guraldy

 

Baş ştabdan beren beýanata görä, düýn agşamlara Zap we Metina etrapçalarynda terrorçylaryň hüjüm guramaga taýarlanýandygy hakynda gelip gowşan habardan soň Türk howa güýçlerine degişli harby uçarlar Yragyň demirgazygyna howa hüjümini gurady.

Hüjümde aýralykçy terror guramasyna degişlidigi anyklanylan 3 ýarag ammary bilen 2 gowak hatardan çykaryldy.

Howa hüjüminde 3 terrorçy hem täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Wezipelerini üstünliki tamamlan harby uçarlar bazalaryna gaýdyp geldi.

 



Degişli Habarlar