Yragyň demirgazygyndaky Zap etrapçasynda terror guramasy PKK-a garşy howa hüjümi guraldy

Türk ýaragly güýçleri tarapyndan Yragyň demirgazygyndaky Zap etrapçasynda terror guramasy PKK-a garşy howa hüjümi guraldy

777823
Yragyň demirgazygyndaky Zap etrapçasynda terror guramasy PKK-a garşy howa hüjümi guraldy

Baş ştabdan berlen beýanata görä, düýn agşamara terrorçylaryň Yragyň demirgazygyndaky Zap etrapçasyndan serhetýakasynda gözegçilik merkezine we harby baza hüjüm guramak üçin taýarlyk görýändigi anykladyldy.

Gelip gowşan maglumatdan soň guralan howa hüjüminde 9 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Wezipelerini üstünlikli tamamlan türk harby uçarlary bazalaryna gaýdyp geldi.

 



Degişli Habarlar