Türkiýäniň Prezidenti Iordaniýanyň Şasy bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan Iordaniýanyň Şasy II Abdullah bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

776853
Türkiýäniň Prezidenti Iordaniýanyň Şasy bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Alynan maglumata görä Prezident Erdoganyň Dohadan Ankara gaýdyp gelýärkä geçiren telefon söhbetdeşliginiň gün tertibiniň ileri tutulýan meselesi Aksa metjidi boldy.

Iýerusalimdäki Aksa metjidiniň ähli musulmanlar üçin mukaddesdigine ünsi çeken Prezident Erdogan we Iordaniýanyň Şasy II Abdullah dartgynlygyň iň tiz wagtda çözülmegi üçin Ysraýylyň nägileliklere sebäp bolýan hereketlerini bes etmelidigini bellediler.

Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň döwürleýin başlygy hökmünde çap eden beýannamasy bilen bütin dünýä çagyryş berýändigini ýatladan Türkiýäniň Prezidenti Erdogan 1-nji awgustda geçiriljek Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň Ýerine ýetiriş komitediniň nobatdaky maslahatynda bu meseläniň ara alynyp maslahatlaşyljakdygyny mälim etdi.

Prezident Erdogan we Iordaniýanyň Şasy II Abdullah meseläniň çözgüdi üçin umumy tagalalla etmek barada ylalaşyga geldiler.



Degişli Habarlar