"S-400-ler meselesinde geçirilýän gepleşikler umuman alnanda tamamlandy"

Prezident R. T. Erdogan Russiýadan S-400 kysymly roketa goranyş ulgamynyň satyn alynmagy meselesinde geçirilýän gepleşikleriň umuman alnanda tamamlanandygyny aýtdy

776930
"S-400-ler meselesinde geçirilýän gepleşikler umuman alnanda tamamlandy"

Aýlag ýurtlaryna guran saparyndan soň metbugata beýanat beren Prezident Erdogan Russiýadan S-400 kysymly roketa goranyş ulgamynyň satyn alynmagy hakyndaky soraglara hem jogap berdi.

Prezident Erdogan “Her bir ýurt öz howpsyzlygy üçin çäre görmelidir. Amerika bilen käbir gepleşikler geçirdik. S-400-ler hakynda hem gepleşik geçirdik. Tapawutly ýaraglaryň ulanylmagy däl eýsem sizi diňe S-400-ler aladalandyrýarmy?. Biz kimiň bilen harby enjam öndürip bilýän bolsak sonuň bilen hem hyzmatdaşlyk ederis. S-400-ler meselesinde geçirilýän gepleşikler umuman alnanda tamamlandy” diýdi.

ABŞ-nyň Baş ştabynyň başlygy Dunford “Türkiýäniň Russiýadan S-400 roketalaryny almagynyň aladalandyryjydygy” aýdypdy.

 



Degişli Habarlar