Prezident Erdogan Aksa metjidi bilen baglanşykly beýanat berdi

Türkiýäniň Prezidenti we Adalat we ösüş partiýasynyň başlygy Rejep Taýýip Erdogan ähli musulmanlara Aksa metjidini zyýarat etmäge çagyrdy

777194
Prezident Erdogan Aksa metjidi bilen baglanşykly beýanat berdi

Erdogan: “Bu ýerden ähli musulmanlara çagyryş berýärin, gaýrat ediň ol ýerleri zyýarat ediň, gidip bilmeýän bolsaňyz ol ýerlere ynsanperwer kömek iberiň” diýdi.

Erdogan partiýasynyň TBMM-däki topariçi maslahatynda çykyş etdi.

Prezident Erdogan çykyşynda ysraýylly esgerleriň şu günki gün ýönekeý zatlary bahana edip Aksa metjidiniň howlusyny hapalamagynyň sebäbiniň musulmanlaryň Iýerusalime ýeterlik derejede eýe çykmazlygydygyny belläp: “Kalbymyzyň bir bölegi Mekge, beýleki bir bölegi Medine bolýan bolsa, üstündede bir tül ýaly Iýerusalim bardyr, geliň hemmämiz bilelikde Iýerusalime eýe çykalyň” diýdi.

Sebitde häzirki wagtda edilýänleriň Aksa metjidini musulmanlaryň ellerinden almakdygyna ünsleri çeken Erdogan Aksa metjidiniň her tarapyndan direnýän palestinaly we beýleki musulmanlaryň dik duryp garşylyk görkezýändigini nygtady.

Erdogan: “Günabatar şuny isleýär: Türkiýe olar näme isleýän bolsa, näme talap edýän bolsa soragsyz ýagdaýda ýerine ýetirmeli. Olar diňe özleriniň bähbidi stolda bolmagyny, biz bolsa öz bähbitlerimizden geçip olaryň diýenini etmeklerimizi isleýär. Olar bize beren sözlerinde durmazlyklaryny, biz bolsa şolara sesimizi çykarmazlygymyzy isleýärler. Biziň raýatlarymyzy gynasynlar, olaryň içalylary ýurdumyzda heşelle kaksynlar, biz bolsa hiç zat etmäli-olar şulary isleýärler. Gaty görmesinler mundan beýläk olar ýaly Türkiýe ýok” diýdi.

Türkiýäniň Prezidenti rus S-400 raketa ulgamynyň ýakynda Türkiýä geljekdigini habar berdi.



Degişli Habarlar