Terrora garşy howpsyzlyk güýçleri tarapyndan 1119 operasiýa guraldy

Şyrnakda aýralykçy terror guramasy PKK-a agza 6 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

776355
Terrora garşy howpsyzlyk güýçleri tarapyndan  1119 operasiýa guraldy

Baş ştabdan berlen beýanatda Beýtüşşebap etrabynda hüjüm dikuçarlarynyň goldaw bermeginde guralan operasiýalarda 6 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirlendigi nygtaldy.

Hakkari we Bitlis welaýatlarynda bolsa 2 terrorçy howpsyzlyk güýçlerine boýun egdi.

Içeri işler ministrliginden berlen beýanatda ýurduň çar tarapynda soňky 1 hepde-de guralan operasiýalarda 26-sy öli 43 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirlendigi nygtaldy.

Howpsyzlyk güýçleri tarapyndan guralan 1119 operasiýada PKK-a goldaw berendigi sebäpli 213, terror guramasy DAIŞ-e goldaw berendigi sebäpli 46, Fetullahçy terror guramasy-Parallel döwlet ulgamy FETÖ/PDÝ-ä garşy göreşiň çäginde 831, çepçi terror guramasyna garşy göreşiň çäginde hem 8 adam göz tussaglygyna alyndy.

Operasiýalarda terrorçylardan 3-i sag ele salyndy, 14-i bolsa howpsyzlyk güýçlerine boýun egdi.

Batman, Bingöl, Şyrnak, Tunjeli we Diýarbakyr welaýatynda guralan operasiýalarynda terrorçylar tarapyndan ulanylýan 12 gaçybatalga we gowak hatardan çykaryldy.

Operasiýalarda 7 tonna partlaýjy maddasy, 41 granat we 33-i agyr bolmak bilen jemi 43 ýarag ele geçirildi.

 



Degişli Habarlar