Erdogan Pars aýlag ýurtlaryna guraýan saparynyň ikinji duralgasy bolan Kuweýde bardy

Prezident Erdogan Kuweýdiň Emiri Şyh Sabah Al Ahmed Al Jabir As Sabah tarapyndan garşylandy

776015
Erdogan Pars aýlag ýurtlaryna guraýan saparynyň ikinji duralgasy bolan Kuweýde bardy

Prezident R. T. Erdogan Pars aýlag ýurtlaryna guraýan saparynyň ikinji duralgasy bolan Kuweýde bardy.

Prezident Erdogan Kuweýdiň Emiri Şyh Sabah Al Ahmed Al Jabir As Sabah tarapyndan garşylandy.

Iki lider garşylama dabarasyndan soň özara duşuşyk geçirdi.

Kuweýdiň resmi habarlar gullugy KUNA-nyň berýän habaryna görä, 1 sagat dowam eden we metbugata ýapyk häsiýetde geçirlen duşuşykda sebitdäki soňky wakalar bilen iki taraply gatnaşyklar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Içgin ýagdaýda geçen duşuşykda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ähli taraplaýyn ösdürilmegi babatynda ylalaşyk gazanyldy.

Prezident R. T. Erdogan soň bolsa Kuweýdiň Emiri Sabahyň hormatyna beren agşam naharyna gatnaşdy.

Dar Salwa köşgündäki agşam nahary metbugata ýapyk häsiýetde geçirildi.

 



Degişli Habarlar