Prezident Erdogan Pars aýlag ýurtlarynda saparda bolar

Prezident R. T. Erdogan Katar bilen Pars aýlag ýurtlarynyň arasyndaky krizisiň çözülmegi maksady bilen Pars aýlag ýurtlaryna sapar gurar

772718
Prezident Erdogan Pars aýlag ýurtlarynda saparda bolar

Mesele hakynda berlen beýanatda Prezident Erdoganyň iýul aýynyň 23-24-i aralygynda Pars aýlag ýurtlaryna sapar guramagy meýilleşdirýändigi nygtaldy.

Saud Arabystanyny, Birleşen Arap Emirliklerini we Müsüri öz içine alýan Pars aýlag ýurtlary “terror guramalaryna maddy taýdan goldaw berýändigi bahanasy bilen” Katar bilen diplomatik gatnaşyklaryny kesipdi we Katara embargo goýupdy.

Kuweýt Pars aýlag ýurtlary bilen Kataryň arasyndaky dartgynlygyň çözülmegi üçin töwellaçylyk edýär we Türkiýe Kuweýdiň tagallalaryna goldaw berýär.



Degişli Habarlar