Prezident Erdogan Bütindünýä Nebit kongresinde çykyş etdi

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan energetika hünärmenleriniň Türkiýäni Energetikanyň ýüpek ýoly diýip atlandyrýandyklaryny belledi

767976
Prezident Erdogan Bütindünýä Nebit kongresinde çykyş etdi

Türkiýäniň Prezidenti Erdogan Stambul kongres merkezinde geçirilen Bütindünýä Nebit kongresinde eden çykyşynda soňky 1-1,5 asyr bäri güýçli ýurt bolmagyň ýolunyň energetika çeşmelerine eýe bolmakdan ýa-da şol meselede sözüň geçmeginden ybaratdygyny belläp: “Şonuň bilen birlikde global çaknyşyklaryň merkezinde ýerleşýän energetika çeşmeleri we ýollaryň gözegçiligini ele geçirmek tagallalarynyň aglabasynyň içerki söweş, agdarlyşyklar we basyp alyjylyklar bilen netijelenýändigini görýäris. Bar bolan geografiýalarda baýlygyň we eşretiň çeşmesi bolmaly nebit we tebigy gaz gynansagam söweş, gan we göz ýaş bilen birlikde ýatlamaga mejbur galýarys. Biz Türkiýe hökmünde iň başyndan bäri bu çeşmeleriň adamzadyň asudalygyna we  rahatlygyna goşant goşjak ýagdaýda ulanylmagynyň gerekdiginiň tarapdarydyk” diýdi.

Ähli bu işleriň saýasynda medeniýetleriň jemlenen ýeri bolan Türkiýäniň mundan beýläk energetika hünärmenleri tarapyndan Energetikanyň Ýüpek ýoly hökmünde häsýetlendirilýändigini aýdan Erdogan: “Ýurdumyz eýe bolan mümkinçilikleri bilen, energiýanyň ýumrulmak, dartgynlyk we agzalalyk dälde, parahatçylygyň we asudalygyň çeşmesi ýagdaýyna öwrülmegi üçin tagalla edýär” diýdi.



Degişli Habarlar