ÝP-niň Türkiýe bilen agzalyk gepleşikleriniň saklanmagy baradaky kararyna garşylyk görkezilýär

Türk ýolbaşçylar ÝP-niň Türkiýe bilen agzalyk gepleşikleriniň saklanmagy baradaky kararyna garşylyk görkezýär

766254
ÝP-niň Türkiýe bilen agzalyk gepleşikleriniň saklanmagy baradaky kararyna garşylyk görkezilýär

G-20 maslahatyna gatnaşmak üçin Germaniýanyň Gamburg şäherine giden Prezident R. T. Erdogan uçarda beren beýanatynda Ýewropa Parlamentiniň Türkiýe bilen doly agzalyk gepleşikleriniň saklanmagy kararyny ýük hökmünde görýändiklerini aýtdy.

Daşary işler ministrliginden berlen beýannamada; “ Esassyz garaýyşlara we günäkärlemelere görä kabul edilen şol karar ony kabul eden edaranyň ygtybaryny peseldýär. Şol karary biz ýok hökmünde hasaplaýarys” diýilýär.

Premýer ministr Binali Ýyldyrym hem Ýewropa Parlamentiniň Türkiýe bilen gepleşikleriň saklanmagy kararyny ýok hökmünde hasaplaýandyklaryny aýtdy.

ÝB ministri Ömer Çelik hem metbugat ýygnagyny geçirip, ÝP-niň kararyna berk reaksiýa görkezdi we habarnamany kabul etmejekdiklerini aýtdy.

ÝP-niň syýasy mazmunly karar kabul edendigini aýdan ministr Çelik, obýektiw bolmadyk habarnamanyň haýsydyr bir hökmüniň bolmandygyny aýtdy.

Ömer Çelik; “Türkiýäniň häzirki wagta çenli eden işlerini görmedik, ermeni meselesinde bir taraply taryh düşünjesine eý ebolan habarnamany kabul etmeýäris. Bu habarnama hyzmatdaşlyk habarnamasy däl. Biz ÝP-den amatly hyzmatdaşlyklary meýilleşdirýän, täze başlangyçlary edýän, tankytlar bilen birlikde geljegi nazarda tutýan hökümleri çykarmagyna garaşýarys. Bu habarnama sabotaž habarnamasy. ÝP-niň habarnamasyny soňky iki ýylda bolşy ýaly bu ýyl hem ýok hökmünde hasaplaýarys. Habarnama bolşy ýaly yzyna gaýtarylar” diýdi.

 

 

 

 


Etiketkalar: #G20 , #maslahat , #Erdogan

Degişli Habarlar