Türkiýe Demirgazyk Koreýanyň geçiren balistiki roketa synagyna garşylyk görkezdi.

Demirgazyk Koreýanyň BMG-nyň howpsyzlyk geňeşiniň kararlaryna laýyklykda hereket etmegi üçin çagyryş berildi

764729
Türkiýe Demirgazyk Koreýanyň geçiren balistiki roketa synagyna garşylyk görkezdi.

Türkiýe Demirgazyk Koreýanyň geçiren balistiki roketa synagyna garşylyk görkezdi.

Daşary işler ministrliginden berlen ýazmaça beýanatda Demirgazyk Koreýanyň geçiren balistiki roketa synagynyň ozalky synaglar ýaly BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň kararlaryny basgylaýandygy nygtaldy.

Beýanatda yzygiderli ýagdaýda geçirilýän synaglaryň Demirgazyk Koreýanyň halkara jogapkärçiligini ýerine ýetirmek islemeýändigini açyk aýdyň görkezýändigine üns çekildi.

Beýanatda şeýle hem Demirgazyk Koreýanyň BMG-nyň howpsyzlyk geňeşiniň kararlaryna laýyklykda hereket etmegi üçin çagyryş berildi we sebitde dartgynlygyň möwjemegine sebäp bolup biljek hereketlerden gaça durmalydygy ýatladyldy.

 



Degişli Habarlar