Türk jemgyýeti kepillendirilmän egilşik edilmez

Wise-premýer Kurtulmuş Türkiýäniň adalatly, giň gerimli we yzygiderli parahatçylyga goldaw bermäge dowam edýändigini aýtdy

763729
Türk jemgyýeti kepillendirilmän egilşik edilmez

Wise-premýer we hökümetiň metbugat geňeşçisi Numan Kurtulmuş Çankaýa köşgünde geçirlen Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň beren beýanatynda Şweýsariýada geçirilýän Kipr konferensiýasy hakynda maglumat berdi.

Wise-premýer Kurtulmuş Türkiýäniň adalatly, giň gerimli we yzygiderli parahatçylyga goldaw bermäge dowam edýändigini aýtdy.

Kurtulmuş, “Türk jemgyýeti kepillendilmän egilşik edilmez. Türkiýe hemaýatkär ýurt pozisiýany dowam etdirer. Kartalar we territoria meselesi bolsa Türkiýäniň  şol hemaýatkärlik we howpsyzlyk meselesindäki çemeleşmesiniň çäginde seljerlip bilner. Bu meselede Türkiýe tutanýerli tutumyny dowam etdirer” diýdi.

Wise-premýer Kurtulmuş Katar krizisi çuňlaşan halatynda munyň diňe bir ýurda däl eýsem tutuş sebite ýaramaz täsirini ýetirjekdigini ýatlatdy.

 

 



Degişli Habarlar