Kalyn; “Türkiýe Astana tapgyrynyň netijeli bolmagy üçin tagalla edýär”

Prezidentiň metbugat sekretary İbrahim Kalyn Stambuldaky Tarabýa köşkünde geçiren metbugat ýygnagynda gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýannama berdi

763724
Kalyn; “Türkiýe Astana tapgyrynyň netijeli bolmagy üçin tagalla edýär”

Siriýa meselesinde esasy tapgyrlardan biriniň ýurtda çaknyşyksyz zolaklaryň döredilmegi we iş meýilnamasynyň kesgitlenmedigini beýan eden Kalyn; “Düýn rus ministr hem Prezidentimize maglumat berdi. Astanada bu mesdeleler ertir-birigün giňişleýin seljeriler. Astanadaky tehniki gepleşiklerden soň aýyň 8-de Putin bilen duşuşyk geçirer” diýdi.

Prezidentiň metbugat geňeşçisi Kalyn Afrin ýa-da haýsydyr bir ýere terror guramalaryndan howp abanan halatynda Türkiýäniň oňa degişli çäre görjekdigini aýtdy.

Katar meselesi barada-da durup geçen İbrahim Kalyn birnäçe günüň dartgynlydygyny nygtap; “Prezident Erdoganyň Katar meselesindäki tagallalary dowam eder. Katardaky türk harby bazasy haýsydyr bir ýurt üçin howp däldir” diýdi.

İbrahim Kalyn Fetullahçy terror guramasynyň 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanşygyny guran güni barada bolsa 15-nji iýulda başlajak demokratiýa nobatyna Prezident R.T.Erdoganyň hem gatnaşjakdygyny atýdy.

Kalyn; “15-nji iýulyň birinji ýylynda Stambulda we Ankarada gurlan ýadygärlikler açylar. Prezidentimiziň çağyryşyna laýyklykda şol gije demokratiýa nobaty başlar. Prezident Erdogan hem gatnaşar. Hatyralama çäreleri iýul aýynyň 11-16-sy aralygynda geçiriler. 4-5 günüň dowamynda Prezidentimiziň gatnaşmagynda köp sanly çäre guralar. 15-nji iýul hepdesindäki çareler boýunça degişli web saýtlary açylar” diýdi.

 



Degişli Habarlar