Türkiýäniň Prezidenti Erdogan Donald Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeş bolar

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeş bolar

761721
Türkiýäniň Prezidenti Erdogan Donald Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeş bolar

Ak Tamdan alynan maglumata görä Erdogan-Tramp telefon söhbetdeşligi Türkiýäniň wagty bilen sagat 16:30-da geçiriler.

Telefon söhbetdeşliginde haýsy meseleleriň üstüne durulup geçiljekdigi barada maglumat berilmedi.

Emma söhbetdeşlikde soňky wagtlarda  Siriýada alynyp barylýan terrora garşy operasiýalar we ABŞ-nyň Goranmak ministrliginiň aýralykçy terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky goly bolan ÝPG-e beren ýaraglarynyň üstünde durulyp geçiljekdigi çak edilýär.

Türkiýäniň Prezidenti Erdogan soňky gezek 16-njy maýda ABŞ-nyň paýtagty Waşingtona sapar gurapdy we Ak Tamda Donald Tramp bilen ikiçäk duşuşyk geçiripdi.



Degişli Habarlar