Terror guramasy PKK-a garşy geçirilýän operasiýalaryň gerimi giňedi

Bingöl welaýatynyň Genç etrabynyň Kapyly diýilen ýerinde aýralykçy terror guramasy PKK-a garşy dowam edýän operasiýada 11 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

760824
Terror guramasy PKK-a garşy geçirilýän operasiýalaryň gerimi giňedi

Welaýat häkimligi tarapyndan berilen beýanatda operasiýada terroçylara degişli 8 sany kalaşnikow tüpeň, 1 sany pulemýot, 1 sany snaýper tüpeň we 1 sany sapanja ele geçirilendigi mälim edildi.

Opersiýa bilen aýralykçy terror guramasynyň Akdag toparynyň dolulygyna ýok edilendigi bellenýän beýanatda terrora garşy göreşiň arakesmesiz dowam etjekdigi habar berildi.

Türkiýe-Yrak serhedinde hwopsyzlyk güýçleriniň aýralykçy terror guramasy PKK-a garşy guran howa operasiýasynda bolsa 7 terrorçy öldürildi.

Howpsyzlyk çeşmelerinden alynan maglumata görä Hakkari welaýatynyň Yrak serhedinde ýerleşýän gowaklaryň birine howa hüjümi guraldy.

Operasiýada aýralykçy terror guramasy PKK-a agza 7 terrorçy öldürildi.

Şanlyurfa welaýatynyň Suruç etrabynda düýn Içeri işler müdürliginiň işgärleri tarapyndan guralan operasiýada saklanan PKK/KCK guramasyna agza 4 terrorçynyň etrapda harby we Içeri işler müdürliginiň işgärleri bilen Adalat we ösüş partiýasynyň ýolbaşçylaryna garşy hüjüm guramak üçin taýarlyk görendigi habar berildi.

Beýleki tarapdan bolsa Türkiýäniň Ýaragly güýçleri Siriýanyň Azez etrabynyň günortasyndaky Maranaz diýilen ýerinde terror guramasy PÝD/ÝPG/PKK-a agza terrorçylaryň azat Siriýa goşunyna garşy guran hüjümlerine artykmajy bilen jogap berip hüjüm guralandygyny mälim etdi.

 



Degişli Habarlar