Çawuşogly: “50 ýyldan bäri dowam edýan Kipr meselesi çözülmeli”

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly 50 ýyldan bäri dowam edýän Kipr meselesiniň indi çözülmelidigini aýtdy

760911
Çawuşogly: “50 ýyldan bäri dowam edýan Kipr meselesi çözülmeli”

Daşary işler ministri Çawuşoglynyň ýolbaşçylygyndaky türk wekiliýeti Şweýsariýanyň Krans-Montana etrapçasynda başlan Kipr maslahatynyň birinji mejlisinde Kipr meselesiniň “taryhy perspektiwa laýyklykda bitewi çemeleşme bilen çözülmegi” barada garaýyş beýan etdi.

Ministr Çawuşogly maslahatyň birinji gününde “Biz bärik çözgüt üçin geldik. 50 ýyldan bäri dowam edýän bu mesele indi çözülmeli” diýdi.

Ähli ugurlaryň utgaşykly seljerilen gepleşiklerinde Türkiýe adada “adyl we yzgiderli” çözgüt baradaky ygtyýaryny ýene-de bir gezek nygtady.



Degişli Habarlar