Elazygda terrorçylar bilen bolan çaknyşykda 1 esger şehit boldy

Sebitde operasiýalar dowam edýär

759657
Elazygda  terrorçylar bilen  bolan çaknyşykda 1 esger şehit boldy

Elazygda howpsyzlyk güýçleri bilen aýralykçy terror guramasy PKK-a agza terrorçylaryň arasynda bolan çaknyşykda 1 esger şehit boldy.

Karakoçan etrabynyň Ýeşilbelen obasynda guralan operasiýanyň çäginde terrorçylar tarapyndan howpsyzlyk güýçlerine ot açyldy.

Terrorçylar bilen bolan çaknyşykda 2 esger ýaralandy.

Bingöl keselhanasynda bejergi astyna alynan esgerlerden biri halas edilip bilinmedi we şehit boldy.

Ýaralanan beýleki esgeriň bejergisi dowam edýär.

Sebitde operasiýalar dowam edýär.

 



Degişli Habarlar