Türkiýäniň Daşary işler ministri tunisli kärdeşi bilen duşuşyk geçirdi

Mewlüt Çawuşogly Türkiýe hökmünde maksatlarynyň bu krizisiň iň gysga wagtda çözülmegidigini belledi

753764
Türkiýäniň Daşary işler ministri tunisli kärdeşi bilen duşuşyk geçirdi

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Katar bilen käbir Arap ýurtlarynyň arasynda başdan geçirilýän krizis bilen baglanşykly Pars aýlagy ýurtlarynyň Hyzmatdaşlyk geňeşiniň çäginde esasan hem krizisde tarap tutýan ýurtlaryň bir ýere jemlenip çözgüt üçin diýalog gurmalydyklaryny belledi.

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly resmi sapar bilen Türkiýä gelen Tunisiň Daşary işler ministri Hamis El Jihinawi bilen Daşary işler ministrliginde geçiren duşuşygyndan soň geçirilen umumy metbugat ýygnagynda duşuşykda Pars aýlagy krizisini ara alyp maslahatlaşandyklaryna ünsi çekip: “Açyk göwünlilik bilen doganlaryň arasyndaky bu meseläniň çözgüdi we etabyň hötdesinden gelmek üçin tagalla edýäris. Tunis hem meňzeş ýagdaýda bir pozisiýa eýeleýär, bolmalysy hem şolar ýalydyr” diýdi.

Türkiýe hökmünde maksatlarynyň bu krizisiň iň gysga wagtda çözülmegidigini aýdan Mewlüt Çawuşogly Remezan aýynda 4 ýurdyň Katara garşy kabul eden bu kararynyň dogry däldigini belledi.

Saud Arabystanyndan bu meseläniň çözüwine öňbaşçylyk etmäge garaşýandyklaryny aýdan Çawuşogly: “Mundan soňky etapda has hem dartgynlaşmadan ýumşamak etabyna geçilip, bu meseläni iň tiz wagtda çözmegimiz gerek” diýdi.

Mewlüt Çawuşogly Tunis bilen gatnaşyklary özgertmek üçin tagalla edýändiklerini habar berdi.

Tunisiň Daşary işler ministri Hamis El Jihinawi hem Katar bilen käbir Arap ýurtlaryň arasynda başdan geçirilýän krizis bilen baglanşykly: “Hem Tunis hem-de Türkiýe sebitde doganlaryň arasyndaky garaýyş tapawutlygynyň diýalog esasynda çözülmegini arzuw edýär” diýdi.



Degişli Habarlar