“Garaşsyzlyk referendum karary uly bir ýalňyşlyk”

Prezident Erdogan  Yragyň Kürt Awtonomiýasynyň Garaşsyzlyk referendum kararynyň uly bir ýalňyşlykdygyny belledi

751810
“Garaşsyzlyk referendum karary uly bir ýalňyşlyk”

Erdogan Adalat we ösüş partiýasynyň maslahatynda gün tertibiniň ileri tutulýan meseleleriniň üstünde durup geçdi.

Yragyň Kürt Awtonomiýasynyň degişli kararynyň özlerini örän gynandyrandygyny bellän Erdogan garaşsyzlyk referendumynyň Yragyň territorial bütewiligine garşy uly bir howp we ýalňyş bir ädimdigini nygtady.

Erdoğan: “Gepleşikleriň geçirilmegini islärdik. Bu sebitde Demirgazyk Yrak ýeke däldir. Mosulda araplar, Kerkükde türkmenler bilen bile ýaşaýarlar. Biz hemişe bularyň parahatçylygyň içinde ýerine ýetirilmeginiň we Yragyň territorial bütewiliginiň tarapdary boldyk. Wagtal-wagtal ol ýerde ýüpüň ujunyň gaçandygyny hem gördük. Bu bizi gynandyrypdy, Daşary işler ministrligimiz beýanat hem beripdi. Bu hiç bir tarapyň bähbidine däldir” diýdi.

Çykyşynda Pars aýlagy krizisiniň hem üstünde durup geçen Erdogan: “Katar bilen baglanşykly örän uly ýalňyşlyklaryň bardygyny görýäris. Bu ýurdyň halkyny çetleşdirmek adamzat gymmatlyklaryna bap gelmeýär, Yslam tarapdan hem dogry däldir. Katar terror guramasy DAIŞ-e garşy Türkiýe bilen birlikde iň erjel göreşen ýurtdyr. Gaýrat ediň biri-birimizi aldatmalyň. Katary günäkär ýaly görkezmegiň sebite hiç hili peýdasy ýokdyr” diýdi.



Degişli Habarlar