Erdogan FETÖ garşy göreşiň tutanýerlilik bilen dowam etjekdigini belledi

Içerki howpsyzlyk bölümleriň agzaçar programasynda çykyş eden Erdogan agdarlyşyk synanyşygynda şehit bolan 56 esgeri ýatdan çykarmady

748117
Erdogan FETÖ garşy göreşiň tutanýerlilik bilen dowam etjekdigini belledi

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan 15-nji iýulda agdarlyşyk synanyşygyny guran Fetullahçy terror guramasy Paralel döwlet ulgamynyň agzasy eli ganly ganhorlaryň hiç biriniň özlerine garaşýan ajy netijeden halas bolup bilmejekdigini beýan etdi.

Erdogan FETÖ garşy göreşde tutanýerlilik ýüzlenmesini bu gezek Ankarada 15-nji iýulda huntaçylar tarapyndan nyşana alynan ýerleriň biri bolan Ýörite operasiýalar bölüminde agzap geçdi.

Içerki howpsyzlyk bölümleriň agzaçar programasynda çykyş eden Erdogan agdarlyşyk synanyşygynda şehit bolan 56 esgeri ýatdan çykarmady.

Erdogan: “Bu ýer şehit bolan garhrymanlarymyzyň ýeridir. FETÖ agza huntaçylar bu ýere aýralykçy terror guramasy PKK-a garşy ulanylmaýan 650 km agyrlygyndaky geliý bombasyny atdylar” diýdi.

“Biziň bu ýurtdan başga watanymyz ýok. Käbir adamlar gyssaga düşse Pensilwaniýa, Germaniýa ýa-da başga bir ýurda gaçyp biler” diýen Prezident Erdogan: “Olaryň ol ýerde gizlin watanlary bolup biler. Gresiýa gaçyp bilerler, Rodosa gaçyp bilerler, şu ýere ýa-da başga ýere gaçyp bilerler, emma biziň olar ýaly topragymyz ýok. Biziň bary-ýogy 780 müň inedördül kilometrlik ýerimiz ine şu topragymyz. Şonuň üçin 15-nji iýulda öz ýurdumyzda olar ýaly ýagdaýa düşmän, arslanlar ýaly göreşip, adam ýaly ölmegi saýladyk, saýlarys” diýdi.



Degişli Habarlar