Mewlüt Çawuşogly Kabulda guralan hüjümi berk ýazgardy

Çawuşogly ilçihananyň binasyna hem zeper ýetendigini belledi

743117
Mewlüt Çawuşogly Kabulda guralan hüjümi berk ýazgardy

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Owganystanyň paýtagty Kabul şäherinde diplomatik wekilhanalaryň ýerleşýän ýeri bolan etrapçada guralan terrorçylykly hüjümi berk ýazgarýandygyny mälim etdi.

Çawuşogly Türkiýäniň Kabuldaky ilçihanasynda işleýän işgärlere hiç zat bolmandygyny we ol ýerden uzaklaşdyrylandygyny habar berdi.

Daşary işler ministrliginden mesele bilen baglanşykly berilen beýanatda hüjüm sebäpli köp adamyň ýogalandygyny we ýaralanan adamlaryň bardygyny uly gynanç bilen öwrendik.

Hüjümiň ençeme resmi guramanyň we daşary ýurt wekilhanalarynyň ýerleşýän ýerinde guralandygy aýdylýan beýanatda: "Bu hüjümi berk ýazgarýarys, hüjümde ýogalan adamlara Alladan rehnet dileýäris, ýaralanan adamlaryň tiz wagtda sagalmaklaryny, ýogalanlaryň dogan-garyndaşlaryna, Owganystanyň hökümetine we doganlyk owgan halkyna gynanç bildirýäris. Türkiýe terroryň islendik görnüşine garşy dost we dogan Owganystanyň halkynyň we hökümetiniň ýanynda bolmagyny dowam etdirer" diýildi.

 



Degişli Habarlar