“Milletiň we watanyň asudalygy üpjün edilýänçä terrora garşy göreş dowam eder”

Prezident R. T. Erdogan Stambulyň zabt edilmeginiň 564 ýyllygyna bagyşlanan çärä gatnaşdy

741049
“Milletiň we watanyň asudalygy üpjün edilýänçä terrora garşy göreş dowam eder”

 

Prezident R. T. Erdogan milletiň we watanyň asudalygy üpjün edilýänçä terrora garşy göreşiň dowam etjekdigini aýtdy.

Prezident R. T. Erdogan Stambulyň zabt edilmeginiň 564 ýyllygyna bagyşlanan çärä gatnaşdy.

Prezident Erdogan çärede eden çykyşynda Stambulyň zabt edilmeginiň 564 ýyllygy bilen mähirli gutlady we bu owadan şäheri zabt eden Fatih Soltan Mehmet Hany we onuň gahryman esgerlerini uly hormat bilen hatyralady.

Prezident Erdogan “Türkiýäniň 80 welaýatynyň Stambul bilen arabaglanşygy bardyr.  Stambul hakynda gürrüň etmek Türkiýe hakynda gürrüň etmekdir. Stambula hyzmat etmek Türkiýä hyzmat etmekdir” diýip belledi.

Prezident Erdogan Fetullahçy terror guramasy FETÖ-niň, DAIŞ-iň we aýralykçy terror guramasy PKK-nyň başda durmagynda ähli terror guramalarynyň Stambula ýetiren zyýanlarynyň öwezini doljak we  indi bu şähere zeper ýetirmezlikleri üçin terrora garşy göreşiň dowam etjekdigini aýtdy.

 



Degişli Habarlar