Hakkaride üç terrorçy öldürildi

Hakkaride aýralykçy terror guramasy PKK-a garşy geçirilen howa operasiýasynda 3 täsirsiz ýagdaýa getirildi

740972
Hakkaride üç terrorçy öldürildi

Hakkariniň welaýat häkimligi tarapyndan berilen beýanatda Welaýat Žandarma serkerdeligi we Içeri işler müdürliginiň işgärleri tarapyndan aýralykçy terror guramasy PKK/KCK-nyň edýän işleriniň anyklanmagy we öňüniň alynmagy üçin işleriň alynyp barylýandygy bellendi.

Anyklaýyş işleriniň netijesinde Kawakly obasynda operasiýa geçirilendigi aýdylýan beýanatda: “Anyklanan aýralykçy terror guramasyna agza terrorçylara garşy geçirilen howa hüjüminde azyndan 3 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. Mesele bilen bagly derňew işleri dowam etdirilýär” diýilýär.



Degişli Habarlar