Erdogan Türkiýe-ÝB gatnaşyklarynyň çäginde duşuşyklar geçirdi

Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdogan NATO-nyň Liderler maslahatynyň çäginde NATO-nyň täze Ştabynyň binasynda berilen iş naharyna gatnaşdy

739672
Erdogan Türkiýe-ÝB gatnaşyklarynyň çäginde duşuşyklar geçirdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp zala gireninden soň täsin bir hereket etdi.

Donald Tramp Türkiýäniň Prezidenti Erdogan bilen Britaniýanyň Premýer ministri Tereza Meý bilen söhbet edip durka olaryň ýanlaryna baryp, birnäçe wagt olaryň söhbetini diňledi.

Erdogan bilen Tramp NATO-nyň täze ştabynyň açylyş dabarasynda birnaçe wagt söhbetdeş bolupdylar.

Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdogan düýn Ýewropanyň liderleri bilen duşuşygynyň çäginde Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron bilen duşuşyk geçiripdi.

Duşuşykda PKK we DAIŞ başda bolmak bilen ähli terror guramalaryna garşy göreşiň möhümdiginiň üstünde durulyp geçildi.

Türkiýe-Fransiýa gatnaşyklaryny has hem ösdürmekde tutanýerlidiklerini aýdan iki lider ikitaraplaýyn söwda kuwwadynyň 20 milliard ýewro ýetirilmegi barada ylalaşyk gazandylar.

Erdogan we Makron Türkiýe-ÝB gatnaşyklaryny ýaňadandan özgertmeginiň zerurdyna ünsleri çekdiler.

Erdogan Türkiýe-ÝB gatnaşyklarynyň çäginde hem duşuşyklar geçirdi.

Türkiýäniň Prezidenti ÝB Geňeşiniň başlygy Donald Tusk we ÝB Komissiýasynyň başlygy Žan Klod Ýunker bilen duşuşyk geçirdi.

Oňyn ýagdaýda geçendigi bellenilen duşuşykda Türkiýe-ÝB gatnaşyklarynyň ýaňadandan janlandyrylmagynyň zerurlygyna we mundan başgada terrora garşy göreşde hyzmatdaşlygyň güýçlendirilmeginiň möhümdigine üns çekildi.

Erdogan Tusk we Ýunker bilen geçiren duşuşygyndan soň Ýewropa Parlamendiniň başlygy Antonio Tažani bilen hem duşuşdy.

Türkiýäniň Prezidenti mundan başgada Germaniýanyň Federal Kansleri bilen 30 minutlyk duşuşyk geçirdi.



Degişli Habarlar