Prezident Erdogan Belgiýada geçiriljek NATO maslahatyna gatnaşar

Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdogan 25-nji maýda Belgiýanyň paýtagty Brýusselde geçiriljek NATO agza ýurtlaryň döwlet we hökümet ýolbaşçylarynyň maslahatyna gatnaşar.

737773
Prezident Erdogan Belgiýada geçiriljek NATO maslahatyna gatnaşar

Prezidentiň Metbugat merkezinden berilen beýanata görä Türkiýäniň Prezidentiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň gatnaşmagynda boljak maslahat NATO-nyň täze ştabynyň açylyşy sebäpli 25-nji maýda Brýusselde geçiriler.

Maslahatda halkara jemgyýetiň terrora garşy göreşinde NATO-nyň rolunyň güýçlendirilmegi barada pikir alyşylar.

NATO-Russiýa gatnaşyklary, NATO-nyň Owganystan bilen gatnaşygy, NATO-ÝB hyzmatdaşlygy ýaly meseleler maslahatda gün tertibe getiriler.

Türkiýäniň Prezidenti Erdogan maslahadyň çäginde käbir daşary ýurtly kärdeşleri bilen we şol sanda ÝB Geňeşiniň başlygy Donald Tusk we ÝB Komissiýasynyň başlygy Žan-Klod Ýunker bilen duşuşmagyna garaşylýar.

 

 



Degişli Habarlar