"Gruziýadaky Fetullahçy terror guramasy FETÖ meselesi bilen ýakyndan gyzyklanarys"

Premýer ministr Ýyldyrym işewür adamlaryna ýüzlenip “Siz Gruziýa bilen gatnaşyklarymyzyň ähli taraplaýyn ösmeginde esasy rol oýnaýarsyňyz” diýdi

737292
"Gruziýadaky Fetullahçy terror guramasy FETÖ meselesi bilen ýakyndan gyzyklanarys"

Türkiýe bilen Gruziýanyň arasyndaky Ýokary derejeli strategik hyzmatdaşlyk geňeşiniň 2-nji maslahatyna gatnaşmak üçin düýn agşam Gruziýa giden Premýer ministr Binali Ýyldyrym ilki türk işewür adamlary bilen duşuşdy.

Premýer ministr Ýyldyrym Türkiýeli işewür adamlarynyň Gruziýada iş alyp barmaklarynyň we Türkiýäniň baýdagynyň bu ýerde pasyrdamagynyň özlerini buýsandyrýandygyny aýtdy.

Premýer ministr Ýyldyrym işewür adamlaryna ýüzlenip “Siz Gruziýa bilen gatnaşyklarymyzyň ähli taraplaýyn ösmeginde esasy rol oýnaýarsyňyz” diýdi.

Premýer ministr Ýyldyrym Fetullahçy terror guramasy-Parallel döwlet ulgamy FETÖ/PDÝ-niň 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanşygynyň yzy ýanyndan Gruziýanyň Premýer ministri Giorgi Kwirikaşwiliniň özüne telefon edendigini nygtady.

Kwirikaşwili bilen şol bir döwürde Aragatnaşyk ministri wezipesini ýerine ýetirendiklerini we Baku-Tiblisi-Kars demirýol taslamasynda birlikde işleşendiklerini ýatladan Ýyldyrym, “ Kwirikaşwili şol günlerde Türkiýede saparda bolmalydy we saparyň öňüsyrasynda agdarlyşyk synanşygy boldy. “Saparyňyzy yza süýşürip bilersiňiz”diýdik. “Ýok arkalaşykly hereket edýändigimizi görkezmek üçin ýörite gelerin” diýdi we agdarlyşyk synanşygyndan 4 gün soň 19-nji iýulda Türkiýä geldi we agdarlyşyk synanşygyna garşy bize goldaw berýändigini görkezdi we gynanjymyzy paýlaşdy. Biz şol günleri ýatdan çykarmadyk. FETÖ dünýäniň çar tarapynda bolşy ýaly Gruziýada hem iş alyp barýar. FETÖ-niň Gruziýada mekdepleri bar we  şol mekdepleriň ýapylmagyny isledik. Mesele  bilen ýakyndan gyzyklanmaga dowam ederis” diýdi.

 



Degişli Habarlar