Türkiýeden Germaniýa reaksiýa...

Türkiýe 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanyşygyny guran Fetullahçy terror guramasy bilen arabaglanşygy bolan käbir ozalky harby gullukçylaryň penalyk bilen baglanşykly ýüz tutmalarynyň Germaniýa tarapyndan kabul edilmegine reaksiýa bildirdi

730161
Türkiýeden Germaniýa reaksiýa...

Daşary işler ministrliginden berilen beýanatda: “Huntaçylaryň FETÖ bilen arabaglanşygyny görkezýän ähli subutnamalar ortadaka, Germaniýanyň bu karary hyzmatdaş ruhyna bap gelmeýän we ýurtlarymyzyň arasyndaky ähli gatnaşyklara zyýan ýetirýän bir karardyr” diýdi.

Germaniýanyň resmileriniň bu karar bilen demokratik esaslar we gymmatlyklar bilen hyzmatdaşlygyň kadalaryna göz ýumup, huntaçylara geçirimlilik görkezendigine we gujak açandygyna üns çekilýän beýanatda: “Germaniýanyň gatnaşyklarymyzyň çuňňur kwalifikasiýasyna we howpsyzlyk we goranyş ugrundaky hyzmatdaşlygyň esaslaryna ters gelýän bu kararyny gözden geçirmegine we ýurdumyzyň FETÖ bilen birlikde dünýäniň iň howply terror guramalaryna garşy alyp barýan göreşine gerek bolan goldawyny bermegine garaşýarys” diýilýär.



Degişli Habarlar