ÝB ministri Ömer Çelik Belgiýada saparda bolýar

ÝB ministri we Türkiýäniň adyndan Ýewropada gepleşikleri alyp baryjy Ömer Çelik agzalyk gepleşikleriniň 23-nji we 24-nji bölümleriniň açylmagy barada çagyryş berdi

729738
ÝB ministri Ömer Çelik Belgiýada saparda bolýar

Belgiýanyň paýtagty Brusselde ÝB-niň resmileri bilen duşuşyklar geçirýän Ömer Çelik metbugat ýygnagyny geçirdi.

Çelik: "Biz terror howpynyň astynda bir ýurt. Agdarlyşyk synanyşygyny başymyzdan geçirdik. Ähli howplara garamazdan men Brýusselde we söhbetdeşlerime geliň 23-nji we 24-nji bölümleri açalyň diýýärin. Bir tarapdan serhetlerimizde PÝD, DAIŞ, PKK ýaly terror guramalary bilen göreş alyp barýan bolsak, beýleki tarapdan Fetullahçy terror guramasynyň agdarlyşyk synanyşygyndan soňky ýüze çykan ýagdaýlaryň hötdesinden gelmek üçin göreş alyp barýarys. Ýewropada aşa sagjylaryň we bizi ýeterlik derejede düşünmeýän dostlarymyzyň nädogry tankytlary bar" diýdi.

 



Degişli Habarlar