Türkiýäniň hökümeti ABŞ-na nägilelik bildirdi

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň aýralykçy terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky goly bolan ÝPG-e agyr ýaraglaryň berilmegine türk hökümetinden reaksiýa bildirildi

729561
Türkiýäniň hökümeti ABŞ-na nägilelik bildirdi
mevlüt çavuşoğlu.jpg

Hususy kanallaryň birinde çykyş eden Wise-premýer Nurettin Janikli onuň kabul edilmejekdigini nygtady.

Janikli: “ABŞ-nyň özleriniň hem terror guramasy hökmünde kabul eden topara (PKK) ÝPG-niň üsti bilen ýarag bermegi hakykaty üýtgetmez, onuň kabul edilmegi mümkin däl. Türkiýe döwletiniň geljegine howp saljak ýagdaýda terror guramalarynyň ol ýerlerdäki barlyklaryny biz kabul etmeris” diýdi.

ABŞ-nyň hökümetiniň bu ýalňyşa dur diýjekdigine, hereketinden ýüz öwürjekdigine ynanýandyklaryny bellän Janikli: “Bular ýaly syýasat hiç bir tarapyň peýdasyna bolmaz, terror guramalary bilen şol bir halta girilmez. Zerur bolan ähli diplomatik gepleşikleri geçirýäris, geçirmegimizi dowam etdireris. ABŞ-nyň täze hökümeti tarapyndan bu ýalňyş duruzylar we dostluk üçin näme gerek bolsa şol ýerine ýetiriler diýip umyt edýäris. DAIŞ-e garşy göreş üçin Gury ýer operasiýasy diňe ÝPG bilen üstünlikli geçer sözleri hakykat beýan etmeýär, bu ýalňyşdan dänerler diýip umyt edýäris” diýdi.

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly bolsa ÝPG-niň eline geçen her bir ýaragyň Türkiýe üçin bir howpdygyny belledi.

ABŞ-nyň ÝPG-e agyr ýarag bermeginiň üstünde durup geçen Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly: “Siriýada ýalňyş ädimler ädilmeli däl. ABŞ-nyň hökümeti biziň pozisiýamyzy örän gowy bilýär” diýdi.

Çawuşogly: “ÝPG-lileriň we araplaryň aýrylmagy gerek. Rakka araplaryň girmegi möhüm. Bu ýere goşmaça ylymly güýçler getirilip biliner. Rakka 99 göterim sünni arap şäher. Siriýanyň içindäki şäherleriň gelejegini hem gowy edip meýilleşdirmegimiz gerek. Siriýanyň territorial bütewiligine goldaw berýän bolsak, esasan hem Yrakda goýberen ýalňyşlarymyzdan ders çykaryp, ýalňyş ädimler etmeli däldiris. ÝPG we PKK şol bir gurama, olaryň arasynda tapawut ýok. Bularyň eline geçen her bir ýarag Türkiýe üçin howpdyr. Elimize geçen ýaraglary ozal size görkezipdik” diýdi.



Degişli Habarlar